Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 6:5 - Mukaddes Kitap

5 Nazyr bolmaga kasam içen döwrüniň bütin dowamynda onuň kellesine hiç bir päki degmesin, özüni Rebbe bagyş eden günleri gutarýança, nazyr bolan adam mukaddesdir, ol saçyny ösdürsin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Назыр болмага касам ичен дөврүниң бүтин довамында онуң келлесине хич бир пәки дегмесин, өзүни Реббе багыш эден гүнлери гутарянча, назыр болан адам мукаддесдир, ол сачыны өсдүрсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 6:5
9 Iomraidhean Croise  

Ruhanylar kellelerini syrmasynlar, saçlaryny uzyn ösdürmesinler, olar saçyny diňe gyrkyp timarlasynlar.


Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda üzümden öndürilen hiç bir zady, hatda üzümiň gabygyny ýa dänesini-de agzyna almasyn.


Pawlus Korintosda ýene ençeme günläp galdy. Soňra doganlar bilen hoşlaşyp, gämide Siriýa gitdi. Priskilla bilen Akila hem onuň bilen gitdiler. Pawlus Hudaýa eden wadasyny saklap, Kenhreýa tarap ýola düşmezden öň, saçyny syrdyrdy.


Çünki sen göwreli bolarsyň we ogul dograrsyň; onuň kellesine päki degmeli däldir, sebäbi enesiniň göwresinde galan gününden başlap, ol çaga Hudaýa nazyr bolar, ol Ysraýyly piliştlileriň elinden halas eder» diýdi.


Şimşon ahyrsoňunda oňa öz ýüregini açdy: «Men entek ejemiň göwresindekäm Hudaýa nazyr bolandygym üçin, meniň kelläme heniz päki degen däldir. Eger meniň saçym syrylsa, güýjüm menden gider; meniň güýjüm gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.


Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Onuň saçynyň ýedi örümini syrdyrmak üçin adam çagyrdy-da, oňa syrmagy buýurdy. Şimşon ejizlenip başlady, onuň güýji gaçdy.


Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan