Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 6:3 - Mukaddes Kitap

3 onda ol şerapdan we çakyrdan datmasyn. Şerap sirkesini-de, başga sirke-de ulanmasyn, üzüm şerbedini-de içmesin, ter üzüm-de, kişmiş-de iýmesin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 онда ол шерапдан ве чакырдан датмасын. Шерап сиркесини-де, башга сирке-де уланмасын, үзүм шербедини-де ичмесин, тер үзүм-де, кишмиш-де иймесин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 6:3
15 Iomraidhean Croise  

«Özüňem, ogullaryňam Rebbe ýüz tutulýan çadyra çakyr ýa-da şerap içip girmäň, ýogsam ölersiňiz. Bu siziň nesilleriňiz üçin hem ebedilik düzgün bolsun.


Ogullaryňyzdan pygamber çykardym, ýaş ýigitleriňizi nazyr belledim. Eý, ysraýyl halky, hakykatdan-da, bu şeýle dälmidir?!» Muny Men-Reb aýdýandyryn.


«Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz, pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“ diýip buýruk berdiňiz.


Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda üzümden öndürilen hiç bir zady, hatda üzümiň gabygyny ýa dänesini-de agzyna almasyn.


Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Her hili erbetlikden gaça duruň.


Mundan beýläk diňe suw içmän, az-kem şerap hem iç. Bu aşgazanyňa we ýygy-ýygydan gaýtalanýan nähoşlugyňdan saplanmaga ýardam berer.


Muňa diňe beden bilen bagly bolan iýip-içmek we dürli päkleniş parzlary girýär. Bularyň hemmesi täze düzgün ornaşdyrylýança ýerine ýetirilýärdi.


Ol üzümden öndürilen zatlary iýmesin; şerap, çakyr datmasyn, haram zatlardan asla iýmesin. Aýalyň meniň buýranlarymyň ählisini berjaý etmelidir» diýdi.


Sen özüňi aýap sakla, şerap, çakyrdan içme, haram zatlardan iýme.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan