Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 6:27 - Mukaddes Kitap

27 Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

27 Шейдип, Харун ве онуң огуллары ысрайыллара Мениң адым билен пата берсинлер, Мен хем олары ялкарын“».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 6:27
19 Iomraidhean Croise  

Ol Ýakuba: «Daň şapagy dogup gelýär, meni goýber!» diýdi. Ýakup oňa: «Tä maňa pata berýänçäň, men seni goýbermerin» diýdi.


Ýakup ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Meniň adymy näme üçin soraýarsyň?» diýip, şol ýerde Ýakuba pata berdi.


Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri we olaryň hudaýlaryny olaryň öňünden kowup çykardyň.


Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi.


Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn, elmydama joşup, nagmalar aýtsyn; çünki olary goraýarsyň Sen, adyňa aşyklar Sende şat bolsun.


Hudaý ýalňyzlary öýli-işikli edýär, tussaglary azatlyga çykarýar; pitneçiler bolsa jöwzaly ýerde ýaşaýar.


Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Hudaý bolup göründim, emma Özümi olara Reb adym bilen tanatmadym.


Maňa degişli bolan her kesi, Öz şöhratym üçin ýaradanymy, şekil berip döredenimi getir.


Neçün Sen çaşan adam ýaly, halas etmäge güýji ýetmeýän batyr söweşiji ýaly bolýaň? Emma Sen biziň aramyzdasyň, biz Seniň adyň bilen çagyryldyk, bizi terk etme, ýa Reb!


Ine, Ol maňa Ysraýyly ýalka diýip emr etdi. Hudaýyň Özi ýalkanda, men ony üýtgedip bilmeýärin.


Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Ýer ýüzündäki ähli halklar siziň Reb tarapyndan saýlanandygyňyzy görerler we olar sizden gorkarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan