Reb oňa: «Men siziň öňüňizden bütin şan-şöhratym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin.
Indi bize merhemet eder ýaly, Hudaýa ýalbaryp bir görüň!? Şeýle gurbanlyklar hödürläniňizden soň, Ol siziň soraýan zadyňyzy edermikä? Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».
Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!