Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 6:24 - Mukaddes Kitap

24 „Goý, Reb sizi ýalkap, Öz penasynda saklasyn!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 „Гой, Реб сизи ялкап, Өз пенасында сакласын!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 6:24
22 Iomraidhean Croise  

Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin».


Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Hökmürowan Reb, muny Özüň söz berdiň. Seniň pataň bilen, goý, guluňyň nesli baky pataly bolsun!»


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Reb ýagşy. Onuň adyna nagmalar aýdyň, çünki bu örän lezzetli.


Şonda zemin çaýkandy hem endiredi, daglar binýatlary sarsyp, lerzana geldi, sebäbi Reb gazaba mündi.


Rebbiň sesi keýikleri guzladýar, tokaýlary ýalaňaçlaýar; Onuň ybadathanasynda hemmeler «Hudaýa şöhrat!» diýýär.


Sen meni ýabany öküz dek kuwwatly etdiň, başyma täze ýag guýup, meni saýladyň.


Men – Reb onuň sakçysydyryn, ony her pursat suwarýaryn, hiç kim zyýan ýetirmesin diýip, gije-gündiz goraýaryn.


«Men – Reb seni dogrulyk bilen çagyrdym, eliňden tutup, goraryn seni, halka äht hökmünde bererin seni, Seni milletlere nur ederin.


Eý, Hudaýymyz, şoňa görä indi Öz guluňyň dilegini we nalyşyny diňle! Öz hatyraň üçin, eý, Taňrym, weýran bolan mukaddes öýüňe Öz nuruňy saç.


Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar.


Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn.


Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň baryna Hudaýyň merhemeti ýar bolsun!


Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, goý, size ýar bolsun! Omyn.


Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir.


Goý, parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý sizi hemmetaraplaýyn päklesin. Rebbimiz Isa Mesih gelende ruhuňyz, janyňyz we bedeniňiz aýypsyz bolsun.


Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr.


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


Ine, Bowaz Beýtullahamdan geldi. Ol orakçylara: «Reb siz bilen bolsun!» diýip ýüzlendi. Olar hem: «Seni-de Reb ýalkasyn!» diýip jogap berdiler.


Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan