Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 6:23 - Mukaddes Kitap

23 «Haruna we onuň ogullaryna aýt, ysraýyllara pata bersinler. Siz olara şeýle diýiň:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 «Харуна ве онуң огулларына айт, ысрайыллара пата берсинлер. Сиз олара шейле дийиң:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 6:23
27 Iomraidhean Croise  

Olar Rebeka pata berip, şeýle diýdiler: «Eý, uýamyz! Goý, senden müňläp-müňläp perzentler dünýä insin; Nesliň öz duşmanlarynyň galalaryny basyp alsyn!»


Ýakup faraona ýene-de pata berip, onuň ýanyndan gaýtdy.


Soňra Ýusup kakasyny faraonyň huzuryna getirip, onuň bilen tanyş etdi. Ýakup faraona pata berdi.


Şol gün Ysraýyl olara pata berip, şeýle diýdi: «Ysraýyl halky kimdir birine pata berende: „Hudaý sizi edil Efraýymy hem Manaşany ýalkaýşy ýaly ýalkasyn“ – diýip, siziň adyňyz bilen pata berer». Şeýdip, Ysraýyl Efraýymyň adyny Manaşanyň adyndan öňe geçirdi.


Süleýman dik durup, bütin ysraýyl halkyna batly ses bilen pata berip, şeýle diýdi:


Imranyň ogullary: Harun bilen Musa. Harun iň mukaddes zatlary bagyş etmäge saýlandy. Şeýlelikde, ol hem onuň ogullary elmydama Rebbiň öňünde gurbanlyklar bermelidirler, Oňa hyzmat etmelidirler hem Onuň ady bilen pata bermelidiler.


Onsoň ruhanylardyr lewiler ýerlerinden turup, halka ak pata berdiler. Olaryň sesleri eşidilip, dilegleri gökdäki Hudaýyň mukaddes mesgenine ýetdi.


Musa ähli işiň edil Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirilendigini görende, ysraýyllara alkyş aýtdy.


Reb Musa şeýle diýdi:


Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!


Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler.


Soňra ruhanylar, ýagny Lewiniň ogullary gelsinler, çünki Hudaýyňyz Reb Özüne hyzmat eder ýaly we Öz adyndan halka pata berer ýaly, olary ruhany edip saýlady. Ähli uruşlary we dawalary olar çözýärler.


Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur.


Mäliksadyk Salim patyşasydy we Beýik Hudaýyň ruhanysydy. Ybraýym dört patyşany ýeňip, yzyna dolanyp gelýärkä, Mäliksadyk ony garşy alyp, oňa pata berdi.


Kiçiniň özünden beýik adamdan pata alýandygy şübhesizdir.


Ähli ysraýyllar, onuň ýaşululary, ýolbaşçylary, kazylary we olaryň arasyndaky gelmişekler Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylarynyň garşysynda, olaryň hem aňry gapdalyndan, hem bäri gapdalyndan iki topar bolup durdular. Rebbiň guly Musanyň: «Hudaýyň ak patasyny almaly pursadyňyz gelende, şeýle duruň» diýip buýruşy ýaly edip, olaryň ýarysy Gerizim dagynyň öňünde, beýleki ýarysy bolsa Eýbal dagynyň öňünde durdular.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


Atamyz Hudaýyň we Ogly Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty, parahatlygy hakykat we söýgi arkaly bize ýar bolsun!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan