Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 6:20 - Mukaddes Kitap

20 Onsoň ruhany göterme sadakasy hökmünde olary Rebbiň huzurynda ýokary galdyrsyn. Göterme sadaka hökmünde döş hem, üwreme sadaka hökmünde but hem ruhany üçin mukaddes paýdyr. Şondan soňra nazyr bolan adam şerap içip biler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

20 Онсоң руханы гөтерме садакасы хөкмүнде олары Реббиң хузурында ёкары галдырсын. Гөтерме садака хөкмүнде дөш хем, үвреме садака хөкмүнде бут хем руханы үчин мукаддес пайдыр. Шондан соңра назыр болан адам шерап ичип билер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 6:20
24 Iomraidhean Croise  

Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Üwreme sadakasy hökmünde budy we Rebbe ýokary galdyrylan göterme sadakasy hökmünde döşi olar Rebbe ot üsti bilen berilýän ýag gurbanlygy bilen birlikde getirsinler. Bular Rebbiň tabşyryşy ýaly, saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berlen paý bolsun».


Ol siziň üçin kabul bolsun diýip, dessäni Rebbe sadaka hökmünde ýokary galdyrsyn. Ruhany ony Sabat gününiň ertesi hödür etsin.


Sadaka berýän adamyň özi gurbanlyk berlen malyň ýagyny onuň döşi bilen birlikde getirip, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn.


Ruhany ýagy gurbanlyk sypasynda ýaksyn, emma gurbanlyk malynyň döşi Harunyň ogullarynyňky bolmalydyr.


Şeýle hem salamatlyk gurbanlygyňyzyň sag buduny-da sadaka hökmünde ruhana beriň.


Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim.


Soňra Musanyň tabşyryşy ýaly edip, Harun döşleri we sag budy Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy.


Efraýym halky batyrlar kimin bolar, şerap içen deý olaryň köňli hoş bolar. Muny ogullary görüp guwanarlar; olaryň göwünleri Rebde galkynar.


Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.


Nähili ajaýyp hem gözel bolarlar! Bol bugdaý hem täze şerapdan gyz-ýigitler gül açarlar.


Göterme sadakasynyň döşi we sag budy ýaly, sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlarynyň eti hem seniňkidir.


Ruhany müňkürlik sadakasyny aýalyň elinden alyp, ony Rebbiň huzurynda ýokary galdyrsyn we gurbanlyk sypasyna alyp gelsin.


Ine, kasam içip, nazyr bolandygy we onuň Rebbe bagyş edilendigi üçin berilýän nazyrlyk gurbanlyklary hakyndaky düzgün şulardan ybaratdyr. Eger ol nazyrlyk kasamynyň talap edýän zatlaryndan başga-da sadaka bermegi wada beren bolsa, onda beren wadasyny doly berjaý etsin».


Size şuny aýdaýyn: Atamyň Şalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynda täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.


Isa sirkeden dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi we başyny egip jan berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan