Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 6:18 - Mukaddes Kitap

18 Soňra nazyr Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Rebbe bagyş edilen saçyny syryp, salamatlyk gurbanlygynyň aşagynda ýanyp duran oda taşlasyn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Соңра назыр Реббе йүз тутулян чадырың гирелгесинде, Реббе багыш эдилен сачыны сырып, саламатлык гурбанлыгының ашагында янып дуран ода ташласын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 6:18
9 Iomraidhean Croise  

Bir sebet petir bilen goçy salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Şeýle hem ruhany galla hem içgi sadakasyny-da hödür etsin.


Nazyr bolmaga kasam içen döwrüniň bütin dowamynda onuň kellesine hiç bir päki degmesin, özüni Rebbe bagyş eden günleri gutarýança, nazyr bolan adam mukaddesdir, ol saçyny ösdürsin.


Eger gapdalyndakylaryň biri duýdansyzlykda ölüp, nazyryň mukaddes saçyny haram etse, onda ol tämizlenilýän gün bolan ýedinji güni saçyny syrsyn.


Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýöne bir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdik“ diýiň».


Pawlus Korintosda ýene ençeme günläp galdy. Soňra doganlar bilen hoşlaşyp, gämide Siriýa gitdi. Priskilla bilen Akila hem onuň bilen gitdiler. Pawlus Hudaýa eden wadasyny saklap, Kenhreýa tarap ýola düşmezden öň, saçyny syrdyrdy.


Şonuň üçin biziň aýtjak zatlarymyzy ýerine ýetir. Aramyzda Hudaýa ant içip, wada beren dört adam bar.


Şol adamlary ýanyňa al-da, olar bilen bile tämizlenme dessuryna goşul we olaryň harçlaryny sen töle. Ondan soň olar saçlaryny syrdyrmaly. Şeýlelikde, hemmeler sen hakda aýdylan myş-myşlaryň ýalandygyny, seniň-de Musanyň kanunyna uýup ýaşaýandygyňy bilerler.


Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlary ýanyna alyp, olar bilen bile özüni tämizledi. Onsoň ol ybadathana girip, päkleniş günleriniň haçan gutarjakdygyny we olaryň her biri üçin haçan sadaka berjekdigini yglan etdi.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan