Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 6:15 - Mukaddes Kitap

15 Bir sebet petiri, saýlama bugdaý unundan zeýtun ýagyna ýugrulan külçeleri, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekleri, olar bilen bile galla we içgi sadakasyny bersin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Бир себет петири, сайлама бугдай унундан зейтун ягына югрулан күлчелери, йүзүне зейтун ягы чалнан челпеклери, олар билен биле галла ве ичги садакасыны берсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 6:15
15 Iomraidhean Croise  

Petir, ýaga ýugrulan külçe we ýüzüne ýag çalnan ýuka petir bişir. Olaryň hemmesini bugdaý unundan bişir.


Hasylyny ýyganlar iýip, Rebbe alkyş aýdarlar, ony toplanlar, mukaddes howlularymda içerler».


Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň! Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler, dat-perýat ediň! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.


Rebbiň öýünden kesildi indi galla hem-de içgi sadakalary. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar tutýarlar ýasy.


Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän, eder rehimi, Özünden soň goýar berekedini, hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän galladyr içgi sadakalaryny?


Eger siz tamdyrda ýapylan petiri sadaka bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan bişirilen, zeýtun ýagyna ýugrulan, hamyrmaýasyz külçeler ýa-da ojakda bişirilen, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler bolsun.


eger kimdir biri salamatlyk gurbanlygyny Hudaýa şükür hökmünde hödürleýän bolsa, onda ol gurbanlyk beriljek mal bilen birlikde zeýtun ýagyna ýugrulan külçeler, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler we zeýtun ýagyna ýugrulyp, saýlama bugdaý unundan bişirilen petir we çörek hödür etsin.


«Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür».


Içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby hödür ediň. Ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.


Ruhany bulary Rebbiň huzurynda hödür etsin, olaryň günä hem-de ýakma gurbanlygyny-da hödür etsin.


Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.


Şoňa görä-de, siz her gezek bu çöregi iýeniňizde, bu käseden içeniňizde, Reb dolanyp gelýänçä, Onuň ölümini yglan edýärsiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan