Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 6:14 - Mukaddes Kitap

14 Ol Rebbe öz peşgeşini hödür etsin, birýaşar şikessiz erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde, birýaşar şikessiz urkaçy toklyny günä gurbanlygy hökmünde, şikessiz bir goçy bolsa salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Ол Реббе өз пешгешини хөдүр этсин, биряшар шикессиз эркек токлыны якма гурбанлыгы хөкмүнде, биряшар шикессиз уркачы токлыны гүнә гурбанлыгы хөкмүнде, шикессиз бир гочы болса саламатлык гурбанлыгы хөкмүнде хөдүр этсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 6:14
12 Iomraidhean Croise  

Rebbiň Äht sandygyny getirýän lewilere Hudaý ýardam etdi we olar ýedi öküz bilen ýedi goçy gurbanlyk berdiler.


Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.


Eger salamatlyk gurbanlygy hökmünde Rebbe dowar süriňizden gurbanlyk hödür etmekçi bolsaňyz, onda ol goçmy, goýunmy, tekemi, geçimi – parhy ýok, ol şikessiz dowar bolmalydyr.


Eger ýönekeý halkdan biri Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, bir şikessiz geçini gurbanlyk bersin.


Eger günäli kişi günä gurbanlygy üçin guzy bermekçi bolsa, onda ol şikessiz guzy bolsun.


Eger bir kişi tötänlikden günä etse, goý, ol günä gurbanlygy üçin birýaşar urkaçy çebşi hödür etsin.


Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan