Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 6:12 - Mukaddes Kitap

12 Ol nazyrlyga täzeden başlamak üçin, özüni Rebbe bagyş etsin we ýazyk gurbanlygy hökmünde birýaşar erkek tokly getirsin. Çünki mukaddes edilen saçyň haram bolandygy üçin, öňki günler hasap edilmeýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Ол назырлыга тәзеден башламак үчин, өзүни Реббе багыш этсин ве язык гурбанлыгы хөкмүнде биряшар эркек токлы гетирсин. Чүнки мукаддес эдилен сачың харам боландыгы үчин, өңки гүнлер хасап эдилмейәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 6:12
12 Iomraidhean Croise  

Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz.


Ýöne dogruçyl adam öz dogruçyllygyndan dönüp, erbediň ähli nejis işlerini, pisliklerini etse, ol diri galarmy? Onuň eden dogry işleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol özüniň eden dönükligi bilen etmişi we günäsi üçin öler.


Ruhany ýazyk gurbanlygynyň goçuny we bir şakäse zeýtun ýagyny alyp, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn.


Ol eden günäsi üçin töleg hökmünde sürüden bir urkaçy janlyny: goýny ýa-da geçini Rebbe günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany günä gurbanlygy üçin berlen goýun ýa-da geçi bilen günälini günäsinden saplasyn.


Eger günäliniň goýna gurby çatmaýan bolsa, eden günäsi üçin töleg hökmünde Rebbe iki sany gumry ýa-da iki kepderi getirsin. Olaryň biri günä gurbanlygy, beýlekisi bolsa ýakma gurbanlygy üçindir.


Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür edip, nazyry günäsinden saplasyn, çünki ol jesede golaýlaşandygy zerarly ýazykly bolupdy. Nazyr şol günüň özünde saçyny täzeden bagyş etsin.


Nazyrlyk möhleti gutaranda, nazyrlar üçin şu düzgüni berjaý etsinler: ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirsinler.


Emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Isa oňa: «Goý, häzir şeýle bolsun, sebäbi bize Hudaýyň islegini berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi.


Kimde-kim kanunyň hemme parzlaryny berjaý edip-de, diňe bir zatda günä etse, tutuş kanuny bozan hasaplanýandyr.


Şonuň üçin ägä boluň. Çeken zähmetiňizi ýele sowurman, onuň rähnetini doly görer ýaly, berk duruň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan