Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 5:9 - Mukaddes Kitap

9 Ysraýyllaryň ähli mukaddes sadakalarynyň arasyndan getirilen her bir sadaka ruhanyňkydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Ысрайылларың әхли мукаддес садакаларының арасындан гетирилен хер бир садака руханыңкыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 5:9
19 Iomraidhean Croise  

Bu ysraýyl halkyndan Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berilsin. Çünki bu sadaka ysraýyllaryň Reb üçin berýän salamatlyk sadakasyndan alyp, ruhanylara berilýän sadaka bolsun.


Siz ony mukaddes ýerde iýmelisiňiz. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyklar seniň we ogullaryňyň paýydyr. Çünki Reb maňa şeýle buýurdy.


Emma Rebbe göterme sadaka hökmünde berlen döş bilen üwreme sadaka hökmünde budy sen öz ogullaryň we gyzlaryň bilen bile islendik halal ýerde iýip bilersiň. Çünki bular ysraýyl halkynyň salamatlyk gurbanlyklaryndan saňa we seniň çagalaryňa berlen paýdyr.


Üwreme sadakasy hökmünde budy we Rebbe ýokary galdyrylan göterme sadakasy hökmünde döşi olar Rebbe ot üsti bilen berilýän ýag gurbanlygy bilen birlikde getirsinler. Bular Rebbiň tabşyryşy ýaly, saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berlen paý bolsun».


Ony günä gurbanlygy üçin hödür eden ruhany iýsin. Ol mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.


Şeýle hem salamatlyk gurbanlygyňyzyň sag buduny-da sadaka hökmünde ruhana beriň.


Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim.


Ysraýyllaryň Rebbe hödür edýän ähli mukaddes sadakalaryny saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý hökmünde berdim. Bu seniň we nesilleriň bilen Meniň eden müdimilik ähtimdir».


Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Rebbe berlen paçlaryň hemmesini sadaka hökmünde ruhany Elgazara berdi.


Eger jebir çeken ölse we hun almaga hossary bolmasa, onda edilen günä üçin tölenen hun Rebbe bagyş edilip, ruhana berilsin. Bu günäkäriň günäsini saplamak üçin üstesine goç hem berilsin.


Siz bagyş eden zatlaryňyzy we aýdan sadakalaryňyzy Rebbiň saýlajak ýerine getiriň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan