Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 5:8 - Mukaddes Kitap

8 Eger jebir çeken ölse we hun almaga hossary bolmasa, onda edilen günä üçin tölenen hun Rebbe bagyş edilip, ruhana berilsin. Bu günäkäriň günäsini saplamak üçin üstesine goç hem berilsin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Эгер җебир чекен өлсе ве хун алмага хоссары болмаса, онда эдилен гүнә үчин төленен хун Реббе багыш эдилип, рухана берилсин. Бу гүнәкәриң гүнәсини сапламак үчин үстесине гоч хем берилсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 5:8
8 Iomraidhean Croise  

Emma ýazyk sadakasy bilen günä sadakasyna berlen kümüş Rebbiň öýüne getirilmedi, çünki ol ruhanylaryňkydy.


Ol Hudaýa berilmeli sadakalarynyň baryny, üstüne goşmaça bäşden birini goşup, ruhana bersin. Ruhany ýazyk gurbanlygyna berlen goç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


ýa-da ýalandan ant içen islendik zadyny bütinligine we onuň bäşden bir gymmatyny-da üstüne goşup, öz ýazygyny bilen badyna, ony eýesine gaýtaryp bersin.


Ýazyk gurbanlygynyň berliş kadasy-da edil günä gurbanlygynyň berliş kadasy ýalydyr. Ýazyk gurbanlygynyň eti ýazyklyny günäsinden saplaýan ruhanynyňky bolsun.


ol eden günäsini boýun alsyn we günäsi üçin öwezlik tölegini tölesin. Ýene onuň üstüne öwezlik tölegiň bäşden bir bölegini goşup, jebir çeken kişä bersin.


Ysraýyllaryň ähli mukaddes sadakalarynyň arasyndan getirilen her bir sadaka ruhanyňkydyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan