Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 5:29 - Mukaddes Kitap

29 Aýal öz äriniň ygtyýaryndaka ters ýola düşüp, özüniň günälidigine müňkür bolan ýagdaýynda kanun şudur.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

29 Аял өз әриниң ыгтыярындака терс ёла дүшүп, өзүниң гүнәлидигине мүңкүр болан ягдайында канун шудур.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 5:29
12 Iomraidhean Croise  

Siz gylyjyňyza daýanýarsyňyz, nejis işler edýärsiňiz, her kes öz goňşusynyň aýalyny haramlaýar. Şundan soň siz ýurdy miras alarsyňyzmy?»


Bu kanun haram bilen halaly, iýilýän jandar bilen iýilmeýän jandary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem ýerde ýaşaýan haýwanlar, guşlar, suwda ýaşaýan jandarlar, guryýer süýrenijileri hakyndaky kanundyr.


Tämiz ýa-da haraplanan diýip yglan etmek üçin, ýüň ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, erişde, argaçda ýa-da deriden edilen islendik zatda peýda bolan zeň baradaky kadalar şulardan ybaratdyr».


Rebbe hödür edilýän salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir:


«Ysraýyllara aýt: eger biriniň aýaly ters ýola düşüp, biwepalyk etse,


onda äri aýalyny ruhanynyň ýanyna alyp gelsin. Aýaly üçin berilmeli sadakany, ýagny bir batmanyň ondan biri arpa ununy getirsin. Munuň müňkürlik galla sadakasydygy, ýagny etmişi äşgär edýän sadakadygy üçin, unuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn, onuň üstüne ýakymly ysly tütetgi-de goýulmasyn.


Ruhany aýala kasam içirip şeýle diýsin: „Eger sen başga bir adam bilen ýatmadyk bolsaň, öz äriňiň ygtyýaryndakaň günä etmedik bolsaň, onda nälet getirýän bu ajylyk suwy saňa zeper ýetirmesin“.


Emma aýal günäli bolman tämiz bolsa, oňa hiç hili zeper etmez we ýene-de çaga dogrup biler.


Ýa-da äri was-was keseline uçrap, aýalyna müňkürlik edip başlasa, onda ol aýalyny Rebbiň huzuryna getirsin we ruhany ol aýal babatda bu kanuny ulansyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan