Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 5:27 - Mukaddes Kitap

27 Aýala suwy içirenden soň, eger aýal günäli bolup, ärine biwepalyk eden bolsa, nälet getirýän suw onuň içine ornap, güýçli agyry döreder. Ol aýalyň uýat ýeri gurar, garny çişer.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

27 Аяла сувы ичиренден соң, эгер аял гүнәли болуп, әрине бивепалык эден болса, нәлет гетирйән сув онуң ичине орнап, гүйчли агыры дөредер. Ол аялың уят ери гурар, гарны чишер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 5:27
18 Iomraidhean Croise  

Duzak kimin, ýüregi gapandyr tor kimin, elleri zynjyr kimin bolan aýaly ölümden ajy gördüm. Hudaýy hoşal edýän adam ol aýaldan gaçyp gutulýar, ýöne günäkär onuň eline düşýär.


Adyňyzy Öz saýlanlaryma gargyş üçin galdyrarsyňyz. Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip, başga at berer Öz bendelerine.


Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler.


Olary gylyç, açlyk, mergi bilen kowalap, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar üçin howp salaryn. Dargadyp goýberen ähli milletlerimiň arasynda olary gargyşa, howpa, ryswaçylyga we käýinje öwrerin.


Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň bary olaryň adyny gargyş hökmünde ulanyp: ‘Goý, Reb seni Babyl patyşasynyň diriligine oda ýakan Sidkiýa we Ahap kimin etsin!’ diýerler.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.


Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy ýüregine düwen Ýahudanyň aman galanlaryny ýok edip taşlaryn, olaryň hemmesi Müsür ýurdunda heläk bolarlar. Olar gylyçdan we açlykdan gyrlarlar, uludan-kiçä hemmesi gylyçdan we açlykdan ölerler. Olar nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarlar.


Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»


Ruhany aýala nälet antyny içirip şeýle diýsin: „Emma sen öz äriňiň ygtyýaryndakaň ters ýola düşüp, günäli bolsaň we başga adam bilen ýatan bolsaň, Reb seni Öz halkyňyň arasynda ýigrenje we gargyşa sezewar etsin. Goý, Reb seniň uýat ýeriňi guratsyn, garnyň çişip gitsin.


Emma aýal günäli bolman tämiz bolsa, oňa hiç hili zeper etmez we ýene-de çaga dogrup biler.


Ozal eden işleriňizden, ýagny şindi utanýan işleriňizden näme bähbit gördüňiz? Şeýle işleriň soňy ölümdir.


Biz heläkçilik ýolundan barýanlar üçin ölüm ysy bolsak, gutulyş ýolundan barýanlar üçin ýaşaýyş müşki-anbarydyrys. Beýle işiň hötdesinden geljek asla ýokdur!


Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz.


Aýratyn-da haram höweslerine kowalaşyp, Onuň hökmürowanlygyny äsgermeýänleri-de näme etjegini Ol bilýändir. Beýle adamlar batyrsyraýarlar, tekepbirlenýärler we gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan