Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 5:18 - Mukaddes Kitap

18 Ruhany ol aýaly Rebbiň huzurynda durzup, onuň saçyny ýaýsyn we onuň goşawujyna müňkürlik sadakasyny, ýagny etmişi ýatladyp durýan aýyplama sadakasyny guýsun. Ruhany öz elinde nälet getirjek ajylyk suwuny saklasyn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Руханы ол аялы Реббиң хузурында дурзуп, онуң сачыны яйсын ве онуң гошавуҗына мүңкүрлик садакасыны, ягны этмиши ятладып дурян айыплама садакасыны гуйсун. Руханы өз элинде нәлет гетирҗек аҗылык сувуны сакласын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 5:18
18 Iomraidhean Croise  

Emma soňunda ýowşan ýaly ajydyr, ikiýüzli gylyç ýaly ýitidir.


Duzak kimin, ýüregi gapandyr tor kimin, elleri zynjyr kimin bolan aýaly ölümden ajy gördüm. Hudaýy hoşal edýän adam ol aýaldan gaçyp gutulýar, ýöne günäkär onuň eline düşýär.


Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ýokançly deri keseli bolan adam sal-sal eginbaş geýip, saçyny daramasyn we eli bilen agzyny tutup: „Men – haram, men – haram“ diýip gygyrsyn.


onda äri aýalyny ruhanynyň ýanyna alyp gelsin. Aýaly üçin berilmeli sadakany, ýagny bir batmanyň ondan biri arpa ununy getirsin. Munuň müňkürlik galla sadakasydygy, ýagny etmişi äşgär edýän sadakadygy üçin, unuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn, onuň üstüne ýakymly ysly tütetgi-de goýulmasyn.


Ruhany mukaddes suwdan toýun gaba guýup alsyn we mukaddes çadyryň içinden toprak alyp, suwa guýsun.


Ruhany aýala kasam içirip şeýle diýsin: „Eger sen başga bir adam bilen ýatmadyk bolsaň, öz äriňiň ygtyýaryndakaň günä etmedik bolsaň, onda nälet getirýän bu ajylyk suwy saňa zeper ýetirmesin“.


Bu nälet getirýän suw seniň içiňe ornap, garnyňy çişirsin, uýat ýeriňi guratsyn!“ Aýal hem „Omyn. Omyn“ diýsin.


Aýal üçin bolsa uzyn saç abraýdyr. Uzyn saç oňa başörtgüsi hökmünde berlendir.


Hawa, eger aýal başyny örtmeýän bolsa, onda, goý, saçyny-da kesdirsin. Ýöne aýalyň saçyny kesmegi ýa-da syrdyrmagy biabraýçylykdyr. Şoňa görä, goý, ol başyny örtsün.


Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýymyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr.


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


Soňra Şamuwel şeýle diýdi: «Amalekleriň patyşasy Agagy meniň ýanyma alyp geliň». Agak onuň ýanyna göwnühoş halda geldi. Agak öz ýanyndan «ölüm howpy sowuldy» diýip oýlandy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan