Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 5:15 - Mukaddes Kitap

15 onda äri aýalyny ruhanynyň ýanyna alyp gelsin. Aýaly üçin berilmeli sadakany, ýagny bir batmanyň ondan biri arpa ununy getirsin. Munuň müňkürlik galla sadakasydygy, ýagny etmişi äşgär edýän sadakadygy üçin, unuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn, onuň üstüne ýakymly ysly tütetgi-de goýulmasyn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 онда әри аялыны руханының янына алып гелсин. Аялы үчин берилмели садаканы, ягны бир батманың ондан бири арпа унуны гетирсин. Мунуң мүңкүрлик галла садакасыдыгы, ягны этмиши әшгәр эдйән садакадыгы үчин, унуң үстүне зейтун ягы гуюлмасын, онуң үстүне якымлы ыслы түтетги-де гоюлмасын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 5:15
9 Iomraidhean Croise  

Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi.


Babyl patyşasyna ant içip, kasam edenleriň nazarynda bu boş pal bolar; emma olar ele salnanda, pal bulara ýazygy ýatladar».


Müsürliler indi hiç haçan ysraýyl halky üçin arkadaýanç bolmazlar. Gaýtam, Müsüriň betbagtlygy olara Müsüre dolanmak bilen eden günälerini ýatladar. Onsoň ysraýyllar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler».


Men aýaly on bäş kümüş teňňä we on bäş batman arpa satyn aldym.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbe mal gurbanlyk bermek isleýänler, goý, gara mallardan ýa-da dowarlardan bersinler.


Kimde-kim Rebbe galla sadakasyny bermekçi bolsa, ol sadaka saýlama bugdaý unundan berilsin. Sadaka berýän adam unuň üstüne zeýtun ýagyny guýup, ýakymly ysly tütetgini onuň üstünde goýsun.


Eger günäliniň iki gumra ýa-da iki kepderä gurby çatmaýan bolsa, onda ol eden günäsi üçin sadaka hökmünde ondan bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy getirsin. Onuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn ýa-da ýakymly ysly tütetgi goýulmasyn, çünki bu günä gurbanlygydyr.


Onsoň ruhany ol aýaly getirip, Rebbiň huzurynda duruzsyn.


Emma ol gurbanlyklar her ýyl ynsanlara günälerini ýatladýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan