Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 4:32 - Mukaddes Kitap

32 haýadyň sütünleri we dabanlary, gazyklary, zynjyrlary, olara degişli ähli enjamlar. Olaryň götermeli zatlaryny atma-at sanap tabşyryň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 хаядың сүтүнлери ве дабанлары, газыклары, зынҗырлары, олара дегишли әхли энҗамлар. Оларың гөтермели затларыны атма-ат санап табшырың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 4:32
12 Iomraidhean Croise  

Olaryň käbirleri beýleki esbaplara, mukaddes enjamlara, saýlama una, şeraba, ýaga, ýakymly ysly tütetgä hem-de hoşboý ysly zatlara gözegçilik edýärdiler.


Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn.


Mukaddes çadyryň haýadyny gur. Haýadyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler as.


Sütünler üçin dabanlar bürünçden edilendi, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşdendi, onuň ýokarsynyň örtükleri hem kümüşdendi. Haýadyň ähli sütünleri kümüş bilen jäheklenendi.


Ine, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi.


Merary ogullary mukaddes çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: onuň çarçuwalaryna, taýaklaryna, sütünlerine we olary saklaýan dabanlara, ähli esbaplaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler.


Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň ähli esbaplaryna gözegçilik etsinler.


Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek bilen olaryň götermeli we goramaly zatlary şulardyr: mukaddes çadyryň çarçuwalary, taýaklary, sütünleri we olary saklaýan dabanlary,


Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda merarylaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri, ine, şulardyr».


Rebbiň Musanyň üsti bilen beren buýrugyna görä, her bir adamyň ýerine ýetirmeli işi we götermeli ýüki belli edildi. Rebbiň buýruşy ýaly, olar Musa tarapyndan hasaba alyndylar.


Musa mukaddes çadyry dikip bolup, içiniň ähli esbaplary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. Gurbanlyk sypasyny-da onuň ähli enjamlary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi.


Dört araba bilen sekiz öküzi bolsa edýän işlerine görä merarylara berdi. Olar ruhany Harunyň ogly Ytamaryň ýolbaşçylygy astynda işleýärdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan