Gerşon ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: mukaddes çadyryň içki we daşky örtüklerine, çadyryň girelgesi üçin ýapynja,
haýadyň perdelerine, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyna, onuň zynjyrlaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler.
Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.
Olar iň mukaddes zatlara galtaşanlarynda ölmän aman galarlary ýaly, siz şeýle ediň: Harun we onuň ogullary içeri girip, kohatlaryň hersiniň ýerine ýetirmeli hyzmatyny ýa-da götermeli ýüküni görkezsin.
olar mukaddes çadyryň tutularyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry we onuň ýapynjasyny, onuň saýlama deriden edilen daşky ýapynjasyny we girelgesindäki perdäni,
Ýük daşamagy we başga işleri – ähli hyzmatlary gerşonlar Harunyň we onuň ogullarynyň buýrugy esasynda bitirsinler. Göterýän zatlaryny goramaklyga olary borçly ediň.
Rebbiň Musanyň üsti bilen beren buýrugyna görä, her bir adamyň ýerine ýetirmeli işi we götermeli ýüki belli edildi. Rebbiň buýruşy ýaly, olar Musa tarapyndan hasaba alyndylar.