Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 4:20 - Mukaddes Kitap

20 Emma kohatlar mukaddes zatlara sähel salymlyk hem seretmeli däldirler, ýogsam olar ölerler».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

20 Эмма кохатлар мукаддес затлара сәхел салымлык хем серетмели дәлдирлер, ёгсам олар өлерлер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 4:20
11 Iomraidhean Croise  

Reb Musa: «Aşak düş-de, adamlara duýdur. Olar Meni görmek üçin serhedi bozmasynlar, ýogsam, olaryň köpüsi heläk bolar.


Rebbiň huzuryndan duýdansyz ot gelip, Harunyň ogullaryny ýakyp kül etdi we olar Rebbiň huzurynda şol bada jan berdiler.


Ýakymly ysly tütetginiň tüssesi Äht sandygynyň gapagynyň üstüni bürär ýaly, Harun ýakymly ysly tütetgini Rebbiň huzurynda oda atsyn, ýogsam ol öler.


Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Goý, olar tutuş öýi gorap, seniň üçin goramak işini ýerine ýetirsinler. Ýöne olar mukaddes öýüň enjamlaryna ýa-da gurbanlyk sypasyna asla golaýlaşmasynlar, ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz.


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.


Olar iň mukaddes zatlara galtaşanlarynda ölmän aman galarlary ýaly, siz şeýle ediň: Harun we onuň ogullary içeri girip, kohatlaryň hersiniň ýerine ýetirmeli hyzmatyny ýa-da götermeli ýüküni görkezsin.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi:


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Äht sandygynyň içine seredendikleri üçin, Reb beýtşemeşlileri öldürdi. Halkyň içinden Ol ýetmiş adamy öldürdi. Halk matam tutdy, çünki halky Reb gyrypdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan