Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 4:16 - Mukaddes Kitap

16 Ruhany Harunyň ogly Elgazara çyra ýagyna, ýakymly ysly tütetgä, adaty galla sadakasyna we mesh ýagyna gözegçilik etmek tabşyrylsyn. Şeýle hem oňa tutuş mukaddes çadyr we onuň içindäki ähli enjamlary, mukaddes otag we onuň enjamlary tabşyrylsyn».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Руханы Харуның оглы Элгазара чыра ягына, якымлы ыслы түтетгә, адаты галла садакасына ве месх ягына гөзегчилик этмек табшырылсын. Шейле хем оңа тутуш мукаддес чадыр ве онуң ичиндәки әхли энҗамлары, мукаддес отаг ве онуң энҗамлары табшырылсын».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 4:16
20 Iomraidhean Croise  

çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar;


mesh ýagy we mukaddes öý üçin ýakymly ysly tütetgi. Olar bulary edil Meniň saňa buýruşym ýaly etsinler».


Ol atyr ýasaýjynyň garylmagy bilen mukaddes mesh ýagyny we ýakymly ysly tütetgi hem taýýarlady.


Reb Musa şeýle diýdi:


«Ysraýyl halkyna buýur: her gün yşyk bolar ýaly, saňa çyra üçin ýenjilen zeýtunyň sap arassa ýagyny getirsinler.


«Harunyň we onuň ogullarynyň bellenen güni Rebbe bermeli sadakasy, ine, şundan ybaratdyr: saýlama bugdaý ununyň ondan bir batmanyny gündelik sadaka hökmünde bersinler. Onuň ýarysy ertirine, beýleki ýarysy agşamyna berilsin.


Ruhany Harunyň ogly Elgazar lewi baştutanlarynyň başlygydy we mukaddes zatlara jogapkärçilik çekýän lewileriň üstünden garaýardy.


Onsoň Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Adamlar bize, goý, Mesihiň hyzmatçylary, Hudaýyň syrlaryny aýan edýän hyzmatçylar hökmünde garasynlar.


Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir.


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.


Siz goýunlar ýaly azaşypdyňyz, emma indi janyňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine dolanyp geldiňiz.


çopanlaryň öz sürüsine seredişi ýaly, siz hem Hudaýyň özüňize ynananlary barada alada ediň. Muny mejbury däl-de, meýletinlik bilen ediň. Olara betnebislik bilen däl-de, uly höwes bilen gözegçilik ediň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan