Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 4:15 - Mukaddes Kitap

15 Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Дүшелге гөчмели боланда, Харун ве онуң огуллары мукаддес өйи ве онуң әхли эсбапларыны басырып болансоңлар, кохатлар булары гөтермәге гелерлер. Йөне олар мукаддес затлара галташмасынлар, ёгсам өлерлер. Ине, кохатларың чадырдакы гөтерҗек затлары шулардыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 4:15
26 Iomraidhean Croise  

Abýatar belende çykyp durdy, Sadok hem ähli lewiler bilen Hudaýyň Äht sandygyny göterip alyp barýardy. Adamlaryň bary galadan çykyp bolýança, olar Hudaýyň sandygyny ýerde goýdular.


Rebbiň sandygyny göterijiler alty ädim ýöränden soň, Dawut bir öküz bilen semiz göläni gurbanlyk berdi.


Bütin Ysraýylyň ýaşululary geldiler we ruhanylar sandygy göterdiler.


Lewiler Hudaýyň sandygyny Rebbiň Musa tabşyryşyna laýyk edip, syryklaryň üstünde goýup eginlerinde göterdiler.


Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömürbaky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy.


Şeýlelikde, lewiler Rebbiň çadyryny ýa-da Oňa hyzmat üçin ulanylýan beýleki esbaplary ondan-oňa göçürmezler».


Sen adamlar üçin dagyň töweregine araçäk belle we olara aýt, olar daga çykmasynlar ýa-da onuň araçägine aýak basmasynlar. Kimde-kim dagy ellese, ol öler.


Reb Musa: «Aşak düş-de, adamlara duýdur. Olar Meni görmek üçin serhedi bozmasynlar, ýogsam, olaryň köpüsi heläk bolar.


Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçir.


Ýakymly ysly tütetginiň tüssesi Äht sandygynyň gapagynyň üstüni bürär ýaly, Harun ýakymly ysly tütetgini Rebbiň huzurynda oda atsyn, ýogsam ol öler.


Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler.


Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Soňra mukaddes zatlary göterýän kohatlar ýola düşdüler. Bular baryp ýetýänçä, gerşonlar we merarylar mukaddes çadyry dikerdiler.


Goý, olar tutuş öýi gorap, seniň üçin goramak işini ýerine ýetirsinler. Ýöne olar mukaddes öýüň enjamlaryna ýa-da gurbanlyk sypasyna asla golaýlaşmasynlar, ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz.


Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Onuň üstüne gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, ýagny ybadat edilende ulanylýan maňňallary, çarşaklary, kül atarlary, legenleri goýup, üstüne saýlama deriden edilen ýapynjany ýapsynlar we syryklaryny ýerine oturtsynlar.


Olar iň mukaddes zatlara galtaşanlarynda ölmän aman galarlary ýaly, siz şeýle ediň: Harun we onuň ogullary içeri girip, kohatlaryň hersiniň ýerine ýetirmeli hyzmatyny ýa-da götermeli ýüküni görkezsin.


Emma kohatlar mukaddes zatlara sähel salymlyk hem seretmeli däldirler, ýogsam olar ölerler».


Emma ol kohatlara hiç zat bermedi, çünki olaryň wezipesi mukaddes zatlary eginlerinde daşamakdy.


Soňra Musa şu Kanuny ýazyp, ony Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryna we Ysraýylyň ähli ýaşulularyna berdi.


Ysraýyllara berjaý etmeli diýip, Rebbiň Ýeşuwa beren hemme buýruklary ýerine ýetýänçä, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasynyň ortasynda durdular. Bu Musanyň Ýeşuwa diýşi ýaly boldy. Ysraýyllar derýadan çaltlyk bilen geçdiler.


Äht sandygynyň içine seredendikleri üçin, Reb beýtşemeşlileri öldürdi. Halkyň içinden Ol ýetmiş adamy öldürdi. Halk matam tutdy, çünki halky Reb gyrypdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan