Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Onuň üstüne gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, ýagny ybadat edilende ulanylýan maňňallary, çarşaklary, kül atarlary, legenleri goýup, üstüne saýlama deriden edilen ýapynjany ýapsynlar we syryklaryny ýerine oturtsynlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Онуң үстүне гурбанлык сыпасының әхли энҗамларыны, ягны ыбадат эдиленде уланылян маңңаллары, чаршаклары, күл атарлары, легенлери гоюп, үстүне сайлама дериден эдилен япынҗаны япсынлар ве сырыкларыны ерине отуртсынлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 4:14
7 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, Süleýman Hudaýyň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan hantagtasyny, düzgün boýunça iň mukaddes otagyň öňünde ýakmak üçin sap altyn çyradanlary çyralary bilen, sap altyn gülleri, çyralary, ätişgirleri, sap altyn müçenekleri, pelte gaýçysyny, legenleri, jamlary, maňňallary ýasatdy. Öýüň girelgesi – iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary altyndy.


Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun.


Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun.


Gurbanlyk sypasynyň üstünden küli aýryp, üstüne gyrmyzy matany ýapsynlar.


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.


Onuň üstüni saýlama deriden edilen ýapynja bilen ýapyp, üstüne gök keteni çeksinler we sandygyň syryklaryny ýerine goýsunlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan