Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden owadan nagyşlanan geýimler tikdiler. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, olar Harun üçin mukaddes lybaslary tikdiler.
Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary. Ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin ýörite geýimleri getirildi.
Onuň üstüne gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, ýagny ybadat edilende ulanylýan maňňallary, çarşaklary, kül atarlary, legenleri goýup, üstüne saýlama deriden edilen ýapynjany ýapsynlar we syryklaryny ýerine oturtsynlar.