Çölde 4:12 - Mukaddes Kitap12 Mukaddes öýde ybadat edilende ulanylýan ähli enjamlary alyp, olary gök ketenä dolasynlar we saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar. Onsoň olary zemmeriň üstünde goýsunlar. Faic an caibideilМукаддес Китап12 Мукаддес өйде ыбадат эдиленде уланылян әхли энҗамлары алып, олары гөк кетенә доласынлар ве сайлама дериден эдилен япынҗа билен басырсынлар. Онсоң олары земмериң үстүнде гойсунлар. Faic an caibideil |
Huramaby şeýle hem, gazanlar, kül atarlar we legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, arabalary, arabalaryň üstündäki legenleri, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Huramaby Hudaýyň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady.
Şeýdip, Süleýman Hudaýyň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan hantagtasyny, düzgün boýunça iň mukaddes otagyň öňünde ýakmak üçin sap altyn çyradanlary çyralary bilen, sap altyn gülleri, çyralary, ätişgirleri, sap altyn müçenekleri, pelte gaýçysyny, legenleri, jamlary, maňňallary ýasatdy. Öýüň girelgesi – iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary altyndy.