Şeýle hem, Besalel bilen işlär ýaly, Men dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaby hem saýladym. Men ähli ökde ussalara-da ukyp berdim. Şeýlelikde, olar Meniň saňa buýran şu ähli zatlarymy ýasasynlar:
Bu lewiler öýümiň derwezelerinde gözegçilik edip, onda hyzmatkär bolarlar, Meniň mukaddes öýümde hyzmat ederler; ýakma gurbanlygynyň we halkyň beýleki gurbanlyklarynyň malyny soýarlar, halkyň hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin olaryň öňünde durarlar.
Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.