Musa bu tabşyryklary ysraýyl halkyna bereninden soň, olar Rebbe dil ýetiren adamy düşelgäniň daşyna çykaryp daşladylar. Şeýle etmek bilen ysraýyl halky Rebbiň Musa beren tabşyrygyny ýerine ýetirdi.
Olar Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ýolbaşçylaryň ýanyna gelip, olara: «Reb Musa agalarymyzyň uruglary bilen birlikde bize hem mülk ýer bermegi buýrupdy» diýdiler. Ýeşuwa Rebbiň buýrugyna görä, olara hem bäş agasynyň uruglarynyň arasynda mülk berdi.