Olara berjek galalaryňyz tire paýy görnüşinde bolsun. Galalary köp bolan uly ysraýyl tiresinden köp gala, galalary az bolan kiçiräk tireden bolsa az gala alnyp, her tire öz mülk paýyna görä lewilere bersin».
Ganhor ol ýere, ine, şeýle ýagdaýda gaçyp baryp, diri galyp biler: tötänlikde başga birini öldüren bolsa we ol ikisiniň arasynda öň hiç hili duşmançylyk ýok bolsa, ol ýere gaçyp gutulyp biler.