Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 35:6 - Mukaddes Kitap

6 «Lewilere berýän galalaryňyzyň altysy gaçybatalga galalary bolsun. Bulardan başga ýene kyrk iki galany lewilere beriň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 «Левилере берйән галаларыңызың алтысы гачыбаталга галалары болсун. Булардан башга ене кырк ики галаны левилере бериң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 35:6
18 Iomraidhean Croise  

Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär, halklara ýüz görmezden höküm çykarýar.


Emma ol ony bilkastlaýyn öldürmän, eýsem, bu Hudaý tarapyn bolsa, onda ol adam Meniň bellejek ýerime gaçyp gutulyp biler.


Bu örtük gündiz yssyda kölege bolar, gaýda, ýagyşda pena we gaçybatalga bolar.


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Harun ruhanynyň nesillerine ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Hebron galasyny we Libnany,


Olar ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Efraýym daglygyndaky Şekem galasyny, şeýle hem Gezeri,


Lewileriň gerşon urugyna gündogardaky manaşa tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Başandaky Golan galasy we Beýeşterag – jemi iki gala, olaryň öri meýdanlary bilen bile berildi.


Şeýlelikde, Rebbiň buýrugy boýunça ysraýyllar lewilere öz mülk ýerlerinden şu aşakdaky galalary we öri meýdanlaryny berdiler.


Olara naftaly tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Jeliledäki Kedeş galasy, şeýle hem Hammotdor, Kartan galalary – jemi üç gala öri meýdanlary bilen bile berildi.


Ruben tiresinden olara Beser, Ýahsa,


Gat tiresinden olara ganhorlara gaçybatalga edilip bellenen Gilgatdaky Ramot galasy we Mahanaýym,


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan