Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 35:34 - Mukaddes Kitap

34 Meniň mekan tutan topragymy, ýagny öz ýaşaýan ýeriňizi haramlamaň. Çünki ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan Reb Mendirin».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

34 Мениң мекан тутан топрагымы, ягны өз яшаян ериңизи харамламаң. Чүнки ысрайыл халкының арасында яшаян Реб Мендирин».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 35:34
20 Iomraidhean Croise  

erkek kişimi ýa aýal parhy ýok, Ysraýyl düşelgesini harama çykarmaz ýaly, düşelgeden hökman çykaryň, çünki olaryň arasynda Men ýaşaýaryn».


Olaryň topragyny miras hökmünde beren Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Bu şähere hiç bir murdar zat, nejislik edýänleriň, ýalan sözleýänleriň hiç biri girmez. Oňa diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar girerler.


Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz. Efraýym Müsüre dolanjak. Aşurda haram zatlar iýersiňiz.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Men ysraýyllaryň arasynda ýaşap, Öz halkym ysraýyly terk etmerin».


Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar.


Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar.


«Bu halkyň dildüwşük diýýän her zadyna dildüwşük diýmäň, olaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, heder etmäň.


Ýa Reb, Öz azat eden halkyňy – ysraýyllary bagyşla. Nähak dökülen ganyň günäsini Öz halkyň Ysraýylyň arasynda galdyrma“. Şonda olar şol ganyň günäsinden boşarlar.


onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.


Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».


Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.


Çünki araňyzdaky Hudaýyňyz Reb gabanjaň Hudaýdyr. Hudaýyňyz Rebbiň gazaby size garşy tutaşsa, Ol sizi ýer ýüzünden ýok edip taşlar.


«Men-Reb ol ýerde bolsam-da, sen „Bu iki millet, bu iki ýurt biziňki bolar, biz ony eýeläris“ diýdiň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan