Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 35:2 - Mukaddes Kitap

2 «Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 «Ысрайыллара шейле буйрук бер, гой, олар өзлерине мирас дүшен мүлклеринден левилере яшар ялы галалар берсинлер. Шол галаларың төверегиндәки өри мейданларыны-да левилере берсинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 35:2
14 Iomraidhean Croise  

Ol tutuş Ysraýyl jemagatyna şeýle diýdi: «Eger makul bilseňiz, eger Hudaýymyz Reb halasa, geliň, öri meýdanly galalardaky ruhanylardyr lewiler bilen bilelikde, tutuş Ysraýyldaky ähli dogan-garyndaşlarymyzy adam iberip, öz ýanymyza ýygnalyň.


Lewiler öz öri meýdanlaryny we mülklerini taşlap, Ýahuda, Iýerusalime geldiler, çünki Ýarobgam we onuň ogullary olary ruhanylyk etmekden aýrypdylar.


Öz şäherleriniň açyk meýdanlarynda ýaşaýan Harunyň neslinden bolan ruhanylara ýokarda ady agzalan adamlar her erkek ruhana we her bir hasaba alnan lewä paý bermelidiler.


Men lewileriň paýlarynyň berilmändigini hem eşitdim. Şonuň üçinem ybadathanada hyzmat eden lewiler we aýdymçylar öz ekin meýdanlaryna giden ekenler.


Lewilere düşen paý bilen şähere düşen paý hökümdara berlen ýerleriň ortasynda galar. Hökümdara beriljek ýerler ýahuda tiresi bilen benýamin tiresiniň araçäkleriniň arasynda bolar.


Ýahuda tiresiniň gündogardan günbatara çenli uzalýan ýerleri sadaka hökmünde Men–Rebbe berler. Onuň ini ýigrimi bäş müň tirsek bolup, uzynlygy gündogardan günbatara çenli paýlanan her bir tiräniň mülküne deň bolsun; mukaddes öý onuň ortasynda bolar.


Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Reb Musa şeýle diýdi:


Bu galalar lewileriň ýaşamagy üçindir. Galalaryň töweregindäki öri meýdanlary bolsa lewileriň sürüleri we ähli mal-garalary üçindir.


Eger lewi tiresinden biri Ysraýylda öz ýaşaýan galasyny taşlap, Rebbiň saýlajak ýerine barsa (ol islän wagty baryp bilýär),


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan