Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 35:12 - Mukaddes Kitap

12 Bu galalar ganhora jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolup hyzmat etsin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Бу галалар ганхора җемагатың өңүнде хөкүм чыкарылянча, өлдүрилениң хоссарындан гачыбаталга болуп хызмат этсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 35:12
10 Iomraidhean Croise  

Indi tutuş tire gyrnagyňyza garşy çykyp: „Doganyny öldüreni biziň elimize ber, onuň özüni-de öldürip, ondan doganynyň ganyny aljak. Şeýdip, biz mirasdary-da öldürjek“ diýýärler. Şeýdip, olar ojagymyň galanja oduny-da söndürip, ýer ýüzünde adamymdan nam-nyşan galdyrmajak bolýarlar».


Özüňiz üçin jemi alty sany gaçybatalga galasyny belläň:


Dökülen gan üçin öldürileniň hossary ganhory öldürer. Ol öz gandaryny duşan ýerinde öldürsin.


Ganhor ol ýere, ine, şeýle ýagdaýda gaçyp baryp, diri galyp biler: tötänlikde başga birini öldüren bolsa we ol ikisiniň arasynda öň hiç hili duşmançylyk ýok bolsa, ol ýere gaçyp gutulyp biler.


Eger ýol gaty uzak bolsa, öldürileniň hossary öç almak üçin ganhoryň yzyndan gazap bilen kowalap ýetip öldürer. Emma olaryň arasynda öň duşmançylygyň ýokdugy üçin, ol öldürilmeli däldir.


«Ysraýyllara aýt: Men size Musanyň üsti bilen gaçybatalga galalary barada aýdypdym. Şolaryň haýsy galalar bolmalydygyny siz öz araňyzda kesgitläň.


Bu galalar ähli ysraýyllar we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin gaçybatalga hökmünde bellenildi. Adamy tötänlikde öldüren ganhor şol galalara gaçyp baryp, ondan ar almakçy bolýan hossarlardan başyny gutaryp biler. Jemagat maslahatlaşyp, adalatly höküm çykarýança, ol ganhor şol galada howpsuzlykda ýaşap biler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan