Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 35:11 - Mukaddes Kitap

11 özüňiz üçin gaçybatalga galalaryny saýlaň. Tötänlikde adam öldüren ganhor, goý, şol ýere gaçsyn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 өзүңиз үчин гачыбаталга галаларыны сайлаң. Төтәнликде адам өлдүрен ганхор, гой, шол ере гачсын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 35:11
9 Iomraidhean Croise  

Emma ol ony bilkastlaýyn öldürmän, eýsem, bu Hudaý tarapyn bolsa, onda ol adam Meniň bellejek ýerime gaçyp gutulyp biler.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Eger baştutanlardan biri öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, gurbanlyk hökmünde şikessiz bir erkeji getirsin.


Bu alty gala ysraýyllara we araňyzda ýaşaýan gelmişeklere, göçüp gelenlere gaçybatalga bolup hyzmat etsin. Tötänlikde adam öldürip, ganhor bolan adam ol ýere gaçyp biler.


«Lewilere berýän galalaryňyzyň altysy gaçybatalga galalary bolsun. Bulardan başga ýene kyrk iki galany lewilere beriň.


Aralarynda öň hiç hili duşmançylygy bolmadyk bir adamy tötänden öldüren ganhor bu galalaryň birine gaçyp baryp, başyny gutaryp biler.


«Ysraýyllara aýt: Men size Musanyň üsti bilen gaçybatalga galalary barada aýdypdym. Şolaryň haýsy galalar bolmalydygyny siz öz araňyzda kesgitläň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan