Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 34:6 - Mukaddes Kitap

6 Ortaýer deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Ортаер деңзи ве онуң кенары сизиң гүнбатар серхедиңиз болуп хызмат эдер. Бу сизиң гүнбатар арачәгиңиз болар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 34:6
12 Iomraidhean Croise  

Deňziň kenarynda balykçylar durarlar; tor taşlanan ýer Eýngediden Eýneglaýyma çenli bolar. Olaryň balyklary dürli-dürlülikde Ortaýer deňziniň balyklary kimin gaty köp bolar.


Ýurduň araçägi şu bolar: demirgazyk tarapy Ortaýer deňzinden Hetlon ýoly bilen Lebohamada we Sedada çenli gelýär.


Günbatar tarapy Lebohamadyň garşysyndaky nokada çenli bolan Ortaýer deňzi bolar. Bu günbatar tarapydyr.


Serhet Asmondan öwrülip, Müsür derýasyna tarap uzalyp gider we onuň çeti Ortaýer deňzine baryp ýeter.


Siziň demirgazyk araçägiňiz şeýle bolar: Ortaýer deňzinden Hor dagyna çenli aralykda öz serhediňizi bellärsiňiz.


tutuş Naftalyny, Efraýym we Manaşa topragyny, tutuş Ýahudadan Günbatar deňzine çenli bolan ýerleri,


Günortadaky çölden başlap, demirgazykdaky Liwan daglaryna çenli, hetleriň tutuş ülkesi, gündogardaky beýik Ýewfrat derýasyndan günbatardaky Ortaýer deňzine çenli ýerler siziňki bolar.


Ol ýerden Ekronyň demirgazyk tarapyna gidýär we Şikarona tarap aýlanyp, Bagala dagynyň üsti bilen Ýabneýele gelýär. Iň soňunda araçäk Ortaýer deňzinde gutarýar.


Ortaýer deňzi we onuň kenarlary günbatar araçägi emele getirýär. Ýahuda tiresiniň uruglarynyň ähli taraplaýyn araçägi, ine, şudur.


Aşdot galasy we onuň ownukly-irili obalary, Gaza galasy we onuň ownukly-irili obalary bilen Müsür derýasyna we Ortaýer deňziniň kenarlaryna çenli.


Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim.


Ysraýyllaryň ýeňşi hakyndaky habar Iordanyň günbataryndaky ähli hanlara: het, amor, kengan, periz, hiwi, ýabus hanlaryna baryp ýetdi. Olar daglyklarda, günbatardaky baýyrlyklarda, şeýle hem Ortaýer deňziniň tutuş kenar ýakasyndan tä Liwana çenli aralykda ýaşaýan hanlardylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan