Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 34:5 - Mukaddes Kitap

5 Serhet Asmondan öwrülip, Müsür derýasyna tarap uzalyp gider we onuň çeti Ortaýer deňzine baryp ýeter.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Серхет Асмондан өврүлип, Мүсүр дерясына тарап узалып гидер ве онуң чети Ортаер деңзине барып етер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 34:5
8 Iomraidhean Croise  

«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler.


Şol gün Reb Ýewfrat derýasyndan Müsür derýasyna çenli sizi harman döwegi deý ýenjer, ysraýyllary ýeke-ýekeden toplar.


Günorta tarapy Tamardan Meribakadeş çeşmesine çenli bolup, Müsür derýasyndan Ortaýer deňzine baryp ýeter. Bu günorta tarapydyr.


Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz».


Soňra Asmondan geçip, Müsür derýasyna çenli uzalyp gidýär we Ortaýer deňzinde serhet gutarýar. Bu olaryň günorta araçägi bolar.


Aşdot galasy we onuň ownukly-irili obalary, Gaza galasy we onuň ownukly-irili obalary bilen Müsür derýasyna we Ortaýer deňziniň kenarlaryna çenli.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan