Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 33:53 - Mukaddes Kitap

53 Ýurdy basyp alyp, ol ýerde mesgen tutsunlar, çünki Men ony olara mülk edip berdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

53 Юрды басып алып, ол ерде месген тутсунлар, чүнки Мен оны олара мүлк эдип бердим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 33:53
16 Iomraidhean Croise  

Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin, seni babyllylaryň Ur galasyndan çykaran Reb Mendirin» diýdi.


Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,


Bularyň hemmesi Nebukadnesar patyşanyň başyna geldi.


Dünýäniň ähli ilaty hiç zat saýylar. Gögüň goşunyna hem, ýer ýüzüniň ilatyna hem Öz islän zadyny eder. Onuň elini saklap, «Seniň edýäniň näme?» diýjek hiç kim ýokdur.


Öz pulumy isleýşimçe sarp etmäge ygtyýarym ýokmy? Ýa-da sen meniň sahylygyma göriplik edýärsiňmi?»


Siz Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýerini eýelemäge gideniňizde we ony eýeläp, ol ýerde ýaşanyňyzda,


Siz Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduny mülk edinip, ol ýerde ornaşanyňyzda: „Biz hem daş-töweregimizdäki beýleki halklar ýaly özümize patyşa saýlalyň“ diýersiňiz.


Şol wagt men size şeýle buýruk berdim: „Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy mülk edinmek üçin size berdi. Ähli söweşijileriňiz ýaraglansynlar-da, ysraýyl doganlaryňyzyň öňünden ýöresinler.


Mülk paýlanda özge halklara, olary aýry-aýry bölüp çykanda, çäk çekdi olara Beýik Hudaý, ylahy barlyklaryň sanyna görä.


Siz öz-özüňize: „Bu halklaryň sany biziňkiden köp, biz bulary nädip kowup çykararkak?“ diýip,


Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň.


Ine, Reb ysraýyllaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýeriniň ählisini olara berdi. Olar bu ýerleri eýeläp, ol ýerde ýaşadylar.


Hudaýyňyz Rebbiň Özi olary yza serpikdirip, siziň öňüňizden kowup çykarar. Hudaýyňyz Rebbiň size söz berşi ýaly, siz olaryň ýerlerini eýelärsiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan