Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 33:52 - Mukaddes Kitap

52 ýurduň ilatynyň hemmesini kowup çykarsynlar. Olaryň ähli daş we guýma butlaryny döwsünler, seždegählerini ýok etsinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

52 юрдуң илатының хеммесини ковуп чыкарсынлар. Оларың әхли даш ве гуйма бутларыны дөвсүнлер, сеждегәхлерини ёк этсинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 33:52
18 Iomraidhean Croise  

Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin seždegäh gurdy.


Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň.


Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Reb olary size tabşyrar, siz hem olary meniň buýruşym ýaly edersiňiz.


Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».


Edil Rebbiň Öz guly Musa buýruşy ýaly, Musa-da Ýeşuwa edil şonuň ýaly buýrupdy. Ýeşuwa buýrugy ýerine ýetirdi. Ol Rebbiň Musa beren buýruklarynyň ýekejesini-de galdyrman, ählisini berjaý etdi.


Araňyzda galyp, ýaşap ýören bu gelmişek milletler bilen garyşmaň, olaryň hudaýlarynyň atlaryny agzamaň, olaryň adyndan ant içmäň, olara gulluk edip, sežde etmäň.


Ysraýyllar hiwilere: «Belki, siz bize golaý ýaşaýansyňyz. Eger şeýle bolsa, biz siziň bilen nähili ylalaşyk baglaşaly?» diýdiler.


bu ýurduň ilaty bilen siziň äht edişmeli däldigiňizi, olaryň gurbanlyk sypalaryny ýykyp-ýumurmalydygyňyzy aýdypdym. Ýöne siz sözüme gulak asmadyňyz. Bu näme etdigiňiz boldy?


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan