«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.
Eý, ysraýyl halky, gulak sal: indi siz Iordan derýasyndan geçip, özüňizden beýik we güýçli halklaryň ýerlerini mülk edip alarsyňyz. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr.
Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky gury ýerden geçdi.