Ähli ysraýyl halky Eýlimden çykyp gaýtdy. Müsürden çykanlaryndan soň, olar ikinji aýyň on bäşi güni Eýlim bilen Sinaýyň aralygynda ýerleşýän Sin çölüne geldiler.
Ähli ysraýyl halky Sin çölünden göçüp gaýtdy. Rebbiň buýrugy boýunça olar ondan-oňa göçüp-gonup, ahyry Repidimde düşlediler, emma ol ýerde adamlar üçin içmäge suw ýokdy.