Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 33:1 - Mukaddes Kitap

1 Musa bilen Harunyň ýolbaşçylygy astynda tireme-tire ýöreýän ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky düşlän düşelgeleri şulardyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Муса билен Харуның ёлбашчылыгы астында тиреме-тире йөрейән ысрайылларың Мүсүрден чыканларындан соңкы дүшлән дүшелгелери шулардыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 33:1
11 Iomraidhean Croise  

Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip, olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi.


Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy, akarlary dolup-daşdyrdy, emma Öz halkyna çörek berip bilermi? Ony et bilen üpjün edip bilermi?»


Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukoda tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy.


Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy.


Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy.


Şeýdip, Hudaý ysraýyllary Gyzyl deňze gidýän çöllükden alyp gitdi. Ysraýyllar Müsürden urşa taýýar bolup, ýaragly çykypdylar.


Rebbiň: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çyk» diýip buýruk beren adamlary ine, şu Harun bilen Musady.


Men sizi Müsürden çykardym, Gulçulykdan azat etdim, Size baş edip, Musany, Haruny we Merýemi iberdim.


Musa Rebbiň emri bilen düşlän düşelgelerini her gezek ýazyp belledi. Olaryň düşlän düşelgeleri şulardyr:


Soňra Men Musa bilen Haruny Müsüre iberdim we olaryň arasynda eden ähli bela-beterlerim bilen müsürlilere göz görkezdim. Şondan soň sizi ol ýerden alyp çykdym.


Ýakup Müsüre gidende, müsürliler olary ezdiler, şonda siziň ata-babalaryňyz Rebbe perýat etdiler. Onsoň Reb Musa bilen Haruny iberip, olary Müsürden alyp çykdy we şu ýerde ornaşdyrdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan