Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 32:5 - Mukaddes Kitap

5 Olar şeýle dowam etdiler: «Eger biz siziň öňüňizde merhemet gazanan bolsak, goý, bu toprak biz gullaryňyza mülk edilip berilsin. Bizi Iordan derýasyndan aňry geçirmäň».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Олар шейле довам этдилер: «Эгер биз сизиң өңүңизде мерхемет газанан болсак, гой, бу топрак биз гулларыңыза мүлк эдилип берилсин. Бизи Иордан дерясындан аңры гечирмәң».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 32:5
11 Iomraidhean Croise  

Guluňyz seniň nazaryňda eýýäm merhemet tapdy. Sen meni ölümden halas edip, maňa ýagşylyk etdiň. Emma men daglara gaçyp bilmerin; men betbagtçylyga ýolugyp, ölerin diýip gorkýaryn.


Ýowap ýere ýüzin düşüp tagzym etdi we patyşa alkyş aýtdy. Soňra ol patyşa: «Eý, şa hezretleri, öz islegini berjaý edendigiňize görä, siziň nazaryňyzda rehim-şepagat tapandygyny men guluňyz bilýär» diýdi.


Patyşa şa aýaly Esteriň içki otagda duranyny görende, Ester patyşanyň nazarynda merhemet gazandy. Patyşa elindäki altyn hasasyny Estere tarap uzatdy. Soňra Ester oňa golaý baryp, hasanyň ujuna elini degirdi.


Reb şeýle diýýär: «Özlerine rahatlyk gözläp, uzak ýol sökenlerinde, gylyçdan gutulan halk çölde merhemet tapar».


Rebbiň ysraýyl halky üçin basyp alan ýerleri mal bakmaga amatly ýerlerdir. Siziň gullaryňyzyň bolsa mal-garasy bar».


Musa olara şeýle jogap berdi: «Doganlaryňyz urşa gidýärkä, siz bu taýda galmakçymy?


Siz sebäpli Rebbiň hatda maňa-da gahary gelip, Ol maňa şeýle diýdi: „Sen hem ol ýurda aýagyňy sekmersiň.


Ýeşuwa şeýle diýdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen näme üçin bu halky Iordandan bärik getirdiň? Ýa-da bizi amorlaryň elinde gyrdyrmak üçin getirdiňmi? Biz Iordandan geçmän, öňki ýerimizde galyp ýaşaberen bolsak bolmaýarmydy näme?!


Rut iki bükülip tagzym edip: «Meniň bir kesekidigime garamazdan, sen men barada näme beýle aladalanýarsyň? Saňa beýle ýakymly görünmegime näme sebäp boldy?» diýdi.


Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan