Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 32:33 - Mukaddes Kitap

33 Musa gatlar bilen rubenlere we Ýusubyň nesli bolan manaşa tiresiniň ýarysyna amor hany Sihonyň ýurduny we Başanyň hany Oguň ýurduny, olaryň töweregindäki galalarydyr obalary bilen birlikde berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

33 Муса гатлар билен рубенлере ве Юсубың несли болан манаша тиресиниң ярысына амор ханы Сихоның юрдуны ве Башаның ханы Огуң юрдуны, оларың төверегиндәки галаларыдыр обалары билен бирликде берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 32:33
21 Iomraidhean Croise  

günbatardaky manaşa tiresinden gelip, Dawudy patyşa etmek üçin ýörite bellenen on sekiz müň adam,


Olary hem-de olaryň garyndaşlaryny – jemi iki müň ýedi ýüz sany urugbaşylar bolan edermen adamy Dawut patyşa Hudaýyň hem-de patyşanyň işlerini etmek üçin rubenleriň, gatlaryň hem-de gündogardaky manaşa tiresiniň baştutany edip goýdy.


Rubenlerden, gatlardan hem-de gündogardaky manaşa tiresinden gylyçly-galkanly, ýaý bilen ok atýan, söweş tälimini alan, gulluga taýýar kyrk dört müň ýedi ýüz altmyş sany edermen esger bardy.


Rubenler bilen gatlaryň mal-garasy gaty köpdi. Ýazer we Gilgat topraklarynda mal bakmaga oňat ýerleriň bardygyny görenlerinde,


Biz gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda derýadan geçip, Kengan ýurduna gireris, ýöne bize miras düşen mülkümiz, goý, Iordanyň şu gündogar gapdaly bolsun».


Ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi uruglaryna görä özleriniň mülküni eýýäm aldylar.


Bu iki tire we manaşa tiresiniň ýarysy özlerine mülki Iordanyň aňyrsyndan, Ýerihonyň gündogaryndan aldylar».


Biz olaryň ýerini alyp, rubenlere, gatlara we manaşa tiresiniň ýarysyna mülk edip berdik.


Ine, ysraýyllaryň ýeňip alan ýerleriniň hanlary şulardyr. Ysraýyllar Iordan derýasynyň aňyrsyndaky gündogar tarapa uzalyp gidýän Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli bolan ýerleri we tutuş Araba düzlüginiň gündogar tarapyny basyp aldylar.


Rebbiň guly Musa we ysraýyllar olaryň hemmesini basyp aldylar. Musa olaryň ähli ýerlerini rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň eýeçiligine berdi.


Sebäbi Musa iki tirä we manaşa tiresiniň ýarysyna mülk ýeri Iordanyň gündogaryndan beripdi, emma lewi tiresine olaryň arasyndan mülk bermändi.


Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň.


Ine, manaşa tiresiniň ýarysyna Musanyň Başanda beren ýeri, emma Ýeşuwa beýleki ýarysyna Iordan derýasynyň demirgazyk tarapynda, öz doganlarynyň arasyndan berdi. Şeýlelikde, olara ak pata berip, öýlerine ugratdy.


Birnäçe ýewreý bolsa Iordan derýasyndan geçip, Gat hem-de Gilgat topragyna aralaşdy. Şawul heniz Gilgaldady we onuň ýanyndaky goşun gorkudan ýaňa sandyraşýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan