Olara patyşalyklary, halklary berip, her bir künjegi deň paýladyň. Şeýdip, olar Heşbon patyşasy Sihonyň ýurduny we Başan patyşasy Oguň ýurduny eýelediler.
Mowap hakynda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Nebonyň halyna waý! Çünki ol haraba döndi. Kirýataýym ryswa bolup, basylyp alyndy; gala masgara bolup, weýran edildi.
Indi Mowaba öwgi aýdylmaz; Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular: „Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“ diýdiler. Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar, gylyç seni kowalar.
Eý, Sibmanyň üzüm agajy! Saňa Ýasere aglan agymdan-da köp aglaryn. Seniň şahalaryň deňze, Ýazer deňzine ýetdi. Heläkleýji tomus miweleriňi, üzüm hasylyňy weýran etdi.
Musa Ýazer galasyny gözden geçirmek üçin, içalylar ugratdy. Soňra ysraýyllar onuň töweregindäki obalary basyp aldylar we ol ýerdäki amorlary kowup çykardylar.
Ysraýyllar eýýäm üç ýüz ýyl bäri Heşbonda we oňa degişli obalarda, Arogerde we oňa degişli obalarda hem-de Arnona ýakyn ähli galalarda ýaşap gelýärler. Siz näme üçin şonça wagtlap ol galalary eýelemediňiz?