Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 32:29 - Mukaddes Kitap

29 «Eger gatlar bilen rubenler gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmesi Rebbiň huzurynda siziň bilen Iordandan geçseler we ol ýurt size tabyn bolsa, onda siz olara Gilgat ülkesini mülk edip beriň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

29 «Эгер гатлар билен рубенлер гайдувсыз эсгерлер хөкмүнде хеммеси Реббиң хузурында сизиң билен Иордандан гечселер ве ол юрт сизе табын болса, онда сиз олара Гилгат үлкесини мүлк эдип бериң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 32:29
10 Iomraidhean Croise  

Emma biz söweşe taýýar bolup, gaýduwsyz esgerler hökmünde ysraýyllaryň öňünden gideris we olary barmaly ýerlerine çenli elteris. Şu wagt bolsa, biziň çagalarymyz bu ülkäniň ilatyndan goranyp, berkidilen galalarda ýaşarlar.


Onsoň Musa olar hakda ruhany Elgazara, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylaryna şeýle buýruk berdi:


Emma olar gaýduwsyz esgerler hökmünde siziň bilen derýadan geçmeseler, onda siziň araňyzda Kengan topragyndan mülk alarlar».


Rebbiň guly Musa we ysraýyllar olaryň hemmesini basyp aldylar. Musa olaryň ähli ýerlerini rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň eýeçiligine berdi.


Gilgat, Geşur, Magakat topragy, tutuş Hermon dagy we bütin Başandan tä Salka çenli bolan ýerler;


Sebäbi Musa iki tirä we manaşa tiresiniň ýarysyna mülk ýeri Iordanyň gündogaryndan beripdi, emma lewi tiresine olaryň arasyndan mülk bermändi.


Siziň araňyzda lewileriň paýy ýokdur, sebäbi olaryň paýy Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmekdir. Gatlar, rubenler we manaşa tiresiniň ýarysy eýýäm öz mülk ýerlerini Iordan derýasynyň gündogaryndan aldylar. Bu ýerleri olara Rebbiň guly Musa beripdi».


Şeýlelikde, ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi Kenganyň Şilo galasyndaky beýleki ysraýyllary taşlap, Gilgada tarap, Rebbiň Musanyň üsti bilen olara beren mülk ýerlerine eýelik etmäge yzlaryna gaýtdylar.


Ondan soň, Ysraýyla ýigrimi iki ýyllap Gilgatly Ýaýyr serdar boldy.


Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan