Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 32:23 - Mukaddes Kitap

23 Eger beýle etmeseňiz, Rebbe garşy günä iş etdigiňiz bolar we hökman gazanan günäňiziň jezasyny çekersiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Эгер бейле этмесеңиз, Реббе гаршы гүнә иш этдигиңиз болар ве хөкман газанан гүнәңизиң җезасыны чекерсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 32:23
21 Iomraidhean Croise  

Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.


Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň näme? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!»


Ýahuda oňa şeýle jogap berdi: «Näme diýip, näme aýtjagymyzy, özümizi nädip aklajagymyzy bilýän däldiris, jenabym! Gullaryňyň günäkärdigini Hudaý aýan etdi. Indi biziň barymyz özünden käse çykan-da, beýlekilerimiz-de siziň guluňyzdyrys».


Hudaýyň başyma ýag guýlup saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi.


Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.


Abneriň we Emasanyň gany ebedi Ýowabyň hem-de onuň nesilleriniň başyndan iner. Emma Reb Dawuda we onuň tagtda oturýan nesillerine ebedilik asudalyk berer».


Olaryň üstüne köýdüriji közler dökülsin, goý, olar oda, çuň gorpa düşsün, goý, olar asla çykyp bilmesin.


Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň, erbetleriň jezalaryny görersiň.


Günäkäri betbagtlyk kowalaýar, dogruçyllar bolsa ýagşylyk sylagyny alýar.


Çünki dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerden galýandyr, erbedi betbagtlyk ýykýandyr.


Erbetler öz etmişinde tutulyp, günälerine baglanýarlar.


Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


Öňüňde ýazyklarymyz köpdür, günälerimiz özümize garşy şaýatlyk edýär, ýazyklarymyz ýanymyzdadyr, etmişlerimizi biz bilýäris.


Şol wagt gämiçiler biri-birlerine: «Geliň, bije atalyň-da, haýsymyz sebäpli bu bela duçar bolandygymyzy bileliň» diýişdiler. Şeýlelikde, olar gurra taşladylar. Gurra Ýunusa düşdi.


Hudaý ýamanlyk edýän her bir adama: ilki bilen ýahudylara, soňra ýahudy dällere muşakgat we hasrat berer.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Onsoň Ýeşuwa Zabdynyň maşgalasyna ýeke-ýekeden öňe çykmagy buýurdy we Karmynyň ogly, Zabdynyň agtygy, Zeranyň çowlugy Akan görkezildi; ol ýahuda tiresindendi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan