Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 32:22 - Mukaddes Kitap

22 we ýurt Rebbe tabyn bolsa, ondan soň siz yzyňyza dolanyp bilersiňiz. Bu siziň Rebbiň we Ysraýylyň öňündäki borçlaryňyzy ýerine ýetirdigiňiz bolar we bu ülke Rebbiň huzurynda siziň mülküňiz bolar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 ве юрт Реббе табын болса, ондан соң сиз ызыңыза доланып билерсиңиз. Бу сизиң Реббиң ве Ысрайылың өңүндәки борчларыңызы ерине етирдигиңиз болар ве бу үлке Реббиң хузурында сизиң мүлкүңиз болар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 32:22
17 Iomraidhean Croise  

Dawut bu habary eşidip: «Özümem, patyşalygymam Neriň ogly Abneriň gany üçin Rebbiň öňünde hiç wagt günäkär bolmarys.


«Siz Meniň mülk edip berýän Kengan ýurduma baranyňyzdan soň, Men siziň öýleriňiziň birinde zeň döretsem, şol öýüň eýesi ruhanynyň ýanyna gelip: „Öýümde zeň peýda boldy“ diýsin.


Reb duşmanlaryny gaçmaga mejbur edýänçä, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmäňiz Rebbiň huzurynda Iordanyň aňry tarapyna geçseňiz


Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berenden soň we olar hem Hudaýyňyz Rebbiň Iordanyň aňyrsyndan özlerine berýän mülk ýerini eýelänlerinden soň, her biriňiz meniň size beren mülküme dolanyp gelip bilersiňiz“.


Tä Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berýänçä we tä olar hem Hudaýyňyz Rebbiň özlerine berýän ýerini eýeleýänçäler, siz olara kömek ediň. Şondan soň siz Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň gündogaryndaky özüňize beren ýerine dolanyp gelip, oňa eýelik edersiňiz».


Reb bu galany hem onuň hany bilen bile ysraýyllaryň eline berdi, olar onuň ähli ilatyny gyrgyna berdiler, ol ýerde ýekeje-de janly zat galdyrmadylar. Ýerihonyň hanyny näme eden bolsalar, onuň hanyny hem şeýle etdiler.


Şol bir wagtyň özünde Ýeşuwa ol ýerleriň ähli hanlaryny we olara degişli ýerleri basyp aldy, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň hut Özi Ysraýyl üçin söweşdi.


Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.


Rebbiň guly Musanyň rubenlere, gatlara we manaşa tiresiniň ýarysyna Iordan derýasynyň gündogaryndan beren mülk ýerleri şulardyr:


Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy.


Eger-de kimde-kim seniň öýüňden daşary çyksa, ol ölümini özünden görsün, bu biziň günämiz bolmaz, emma seniň bilen öýüňde bolan adama el göterilse, onda biz onuň ölümini öz üstümize alýarys.


Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň.


Şeýlelikde, ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi Kenganyň Şilo galasyndaky beýleki ysraýyllary taşlap, Gilgada tarap, Rebbiň Musanyň üsti bilen olara beren mülk ýerlerine eýelik etmäge yzlaryna gaýtdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan