Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 32:14 - Mukaddes Kitap

14 Ine, indi bolsa siz – günäkärleriň nesli, öz atalaryňyzyň ornuna geçip, Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahar-gazap oduny has-da tutaşdyrdyňyz!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Ине, инди болса сиз – гүнәкәрлериң несли, өз аталарыңызың орнуна гечип, Ысрайылың гаршысына Реббиң гахар-газап одуны хас-да туташдырдыңыз!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 32:14
19 Iomraidhean Croise  

Adam ýüz otuz ýaşyndaka, ondan öz keşbinde, özüne meňzeş bir ogul dünýä indi. Ol oglunyň adyna Şis dakdy.


Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


«Ýesirleri bu ýere getirmäň. Bu biziň günälerimizi we ýazyklarymyzy artdyryp, Rebbe garşy günä etdigimiz bolar. Biziň ýazygymyz eýýäm juda çökderdir. Rebbiň gazaby Ysraýyla garşy lowlaýandyr» diýdiler.


Onsoň ruhany Ezra ýerinden galyp, olara: «Siz keseki halklardan bolan aýallara öýlenip günä etdiňiz. Siz Ysraýylyň ýazygyny artdyrdyňyz.


Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim!


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Kimiň üstünden gülýärsiňiz? Kime garşy agyz açyp, diliňizi çykarýarsyňyz? Siz ýazykly çagalar dälmisiňiz? Ýalançy nesiller dälmisiňiz?


Ýöne perzentler Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar; Meniň parzlarymy doly berjaý etmediler, bulary ýerine ýetiren adam aman galsa-da, hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.


Eger siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towlasaňyz, Ol bütin halky ýene-de çölüň içinde ýeke taşlar. Siz hem halkyň ölümine sebäp bolarsyňyz».


Şeýtmek bilen, siz atalaryňyzyň edenlerini tassyklaýarsyňyz. Hawa, pygamberleri atalaryňyz öldürdi, siz hem olaryň guburlaryny dikýärsiňiz.


Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan