Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 32:1 - Mukaddes Kitap

1 Rubenler bilen gatlaryň mal-garasy gaty köpdi. Ýazer we Gilgat topraklarynda mal bakmaga oňat ýerleriň bardygyny görenlerinde,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Рубенлер билен гатларың мал-гарасы гаты көпди. Язер ве Гилгат топракларында мал бакмага оңат ерлериң бардыгыны гөренлеринде,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 32:1
30 Iomraidhean Croise  

Ybram juda baýdy. Onuň süri-süri ownukly-irili mallary, altyn-kümüşleri bardy.


Ybram bilen bile gelen Lutuň hem ownukly-irili mallary we çadyrlary bardy.


Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi.


Olar faraona: «Ýowuz açlyk zerarly Kenganda dowarlarymyz üçin öri galmansoň, biz Müsürde gelmişek bolup ýaşamaga geldik. Şoňa görä-de, siz öz gullaryňyza Goşen welaýatynda mesgen tutmaga ygtyýar ediň» diýdiler.


Olar Iordan derýasyndan geçip, Arogerde jülgäniň ortasyndaky galanyň günortasynda düşelge gurdular. Soňra olar Gatda ýerleşýän Ýazer tarapa gitdiler.


Olar Gilgada we hetleriň ýurdy bolan Kadeşe bardylar. Soňra Danýagana, ol ýerden bolsa Sidonyň töwereklerine bardylar.


Şu atlary ýazylanlar Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe gelip, öz çadyrlarynda bolan hamlara we megunylara hüjüm edip, olary büs-bütinleý gyryp ýok edip, olaryň ýerlerinde ornaşdylar, sebäbi ol ýerde sürüleri üçin öri meýdan bardy.


Müsürlilerden hem bir topar märeke, şeýle hem, gaty köp mal-gara: sygyrlar we dowarlar ysraýyllara goşulyp gaýtdy.


Çünki Ýahuda patyşasynyň köşgi barada Reb şeýle diýýär: „Sen gözüme gözel Gilgat tokaýy deý, Liwan agaçlaryna bürenen dag deý bolsaň-da, Men seni hökman çöllüge, ilatsyz şähere öwrerin.


Eý, Sibmanyň üzüm agajy! Saňa Ýasere aglan agymdan-da köp aglaryn. Seniň şahalaryň deňze, Ýazer deňzine ýetdi. Heläkleýji tomus miweleriňi, üzüm hasylyňy weýran etdi.


Ysraýyly ýene öz örüsine getirerin, ol Karmelde, Başanda otlap, Efraýym dagyndaky Gilgatda gerk-gäbe doýar.


Gilgatda melhem ýokmudyr? Ol ýerde tebip ýokmudyr? Onda näme üçin biçäre halkymyň ýarasyna em edilmeýär?


Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.


Musa Ýazer galasyny gözden geçirmek üçin, içalylar ugratdy. Soňra ysraýyllar onuň töweregindäki obalary basyp aldylar we ol ýerdäki amorlary kowup çykardylar.


gatlar bilen rubenler gelip, Musa bilen ruhany Elgazara we halkyň baştutanlaryna şeýle diýdiler:


Çaga-çugalarymyz, aýallarymyz, dowarlarymyz we ähli mal-garalarymyz bu ýerde, Gilgat galasynda galar.


«Atarot, Dibon, Ýazer, Nimra, Heşbon, Elgala, Sebam, Nebo we Begon ýaly


Atrotşopan, Ýazer, Ýogboha,


Ol özi üçin iň mes ýeri saýlady. Çünki halk baştutanlarynyň ýygnagynda serdaryň paýy oňa berlendir. Ysraýyl üçin Rebbiň adalatyny, Onuň hökümini ol ýerine ýetirdi».


Ýazer galasy, Gilgadyň ähli galalary we ammonlaryň ýurdunyň ýarysy, Rabanyň gündogaryndaky Arogere çenli;


Soňra ysraýyllar Gilgada tarap – rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň üstüne Elgazar ruhanynyň ogly Pinehasy iberdiler.


Şeýlelikde, ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi Kenganyň Şilo galasyndaky beýleki ysraýyllary taşlap, Gilgada tarap, Rebbiň Musanyň üsti bilen olara beren mülk ýerlerine eýelik etmäge yzlaryna gaýtdylar.


Sebäbi dünýädäki ähli zatlar: günäli höwesler, açgözlük we baýlyk bilen magtanmak Atadan däldir, dünýädendir.


Näme üçin siz agyllaryň ýanynda çopan tüýdüginiň owazyna maýyl bolup oturdyňyz? Rubeniň urugynda içini hümledýänler köpdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan