Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 31:8 - Mukaddes Kitap

8 Öldürilenleriň arasynda Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba atly bäş sany Midýan hany-da bardy. Begor ogly Bilgamy-da ysraýyllar gylyçdan geçirdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Өлдүриленлериң арасында Эви, Рекем, Сур, Хур ве Реба атлы бәш саны Мидян ханы-да барды. Бегор оглы Билгамы-да ысрайыллар гылычдан гечирдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 31:8
21 Iomraidhean Croise  

Ine, gör, erbetler ýaýyny gurýar, peýkamyny ýaýyň kirşine goýýar, dogry ýüreklileri garaňkyda nyşana alýar.


Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.


Dogry adamyň dogruçyllygy oňa ýol görkezýändir, dönügiň hilegärligi bolsa ony heläk edýändir.


Erbet ilçi başa bela getirýär, sadyk ilçi bolsa şypa getirýär.


Kuşan çadyrlaryny muşakgat astynda gördüm, Midýan ýurdunyň çadyrlary gorkudan titredi.


Bilgam Hudaýa şeýle jogap berdi: «Mowap patyşasy Sipor ogly Ballak maňa şeýle habar iberdi:


Onsoň mowaplylar Midýan ýaşulularyna şeýle habar ýolladylar: «Öküziň meýdandaky otlary ýalmap-ýuwudyşy ýaly, bu gelýän mähelle hem töwerek-daşymyzdaky zatlaryň hemmesini ýalmap-ýuwudar». Ol wagtlar Sipor ogly Ballak Mowabyň patyşasydy.


Ballak Begor ogly Bilgamy çagyrmak üçin çaparlar ýollady. Bilgam Ýewfrat derýasynyň boýunda, Petorda öz tohum-tijiniň arasynda ýaşaýardy. Ballak Bilgama: «Müsürden bir halk çykyp gelip, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Ine, indi olar meniň alkymyma dykylyp geldiler.


Ýakubyň nesillerini kim sanap biler? Ysraýylyň dörtden birini kim hasaplap biler? Maňa-da dogruçyl adamlaryň ölüşi dek ölmäge, ömrümiň ysraýylyňky deý gutarmagyna rugsat et!»


Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.


Şondan soň Bilgam öýüne tarap ýola düşdi. Ballak hem öz ýoly bilen gitdi.


Onuň bilen bile öldürilen aýalyň ady bolsa Suruň gyzy Kozbydy. Sur midýan tiresiniň baştutanlarynyň biridi.


Ine, olaryň Pegorda eden işleri: olar gyz doganlary, midýanly tirebaşynyň gyzy Kozbynyň üsti bilen ysraýyllara duzak gurdular. Size hile salyp, duşman ýaly daraşdylar. Pegora gyrgynçylygyň gelmeginiň sebäpkäri bolany üçin Kozby öldürildi».


«Bu aýallar Bilgamyň maslahaty bilen Pegorda ysraýyllara Rebbe garşy dönüklik etdirdiler. Şonuň üçinem, Rebbiň halkynyň arasyna gyrgynçylyk aralaşdy.


Onsoň ysraýyllar midýan aýallarydyr çagalaryny ýesir alyp, midýanlaryň ähli mal-garalaryny, sürülerini we ähli zatlaryny olja aldylar.


Olar Begoryň ogly Bilgamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip azaşdylar. Bilgam haram ýol bilen pul gazanmagy halady.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan