Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 31:6 - Mukaddes Kitap

6 Musa olary ruhany Elgazaryň ogly Pinehas bilen bile urşa ugratdy. Pinehas ýanyna mukaddes öýüň enjamlary bilen söweş sazyny çalar ýaly surnaýlar hem aldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Муса олары руханы Элгазарың оглы Пинехас билен биле урша угратды. Пинехас янына мукаддес өйүң энҗамлары билен сөвеш сазыны чалар ялы сурнайлар хем алды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 31:6
17 Iomraidhean Croise  

Uryýa Dawuda: «Äht sandygy bilen ysraýyllardyr ýahudalar çadyrdakalar, jenabym Ýowapdyr onuň nökerleri meýdandakalar, men iýip-içmek we aýalym bilen ýatmak üçin öýüme gideýinmi? Seniň ömrüňden hem janyňdan ant içýärin, men beýle iş edip bilmerin» diýdi.


Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn.


Emma olar men-menlik edip, daglyga dyrmaşyp çykdylar. Ýöne olaryň ýanynda Rebbiň Äht sandygy-da, Musa-da ýokdy, olar düşelgedediler.


Şeýlelikde, ysraýyl tireleriniň hersinden müň adam, jemi on iki müň ýaragly esger ýygnandy.


Urşa girişmeziňizden öň, ruhany gelip, esgerleriň öňünde söz sözlesin.


Soňra ysraýyllar Gilgada tarap – rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň üstüne Elgazar ruhanynyň ogly Pinehasy iberdiler.


Şawul Ahyýa ruhana: «Hudaýyň sandygyny getir» diýdi. Çünki Hudaýyň sandygy şol gün ysraýyllaryň ýanyndady.


Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efody getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi.


«Ysraýyl piliştlilerden gaçdy, halk gyryldy, ogullaryň Hopny bilen Pinehas duşman elinden öldi, Hudaýyň sandygy elden gitdi» diýip, habar getiren adam jogap berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan